Dmitriý Biwol ESPN-niň wersiýasy boýunça «Ýylyň boksçysy» diýip ykrar edildi

  • 19.12.2022 10:20
  • 14k+

Amerikanyň ESPN sport portaly Russiýanyň ýeňilmezek boksçysy Dmitriý Biwoly geçip barýan ýylyň iň oňat boksçysy diýip ykrar etdi.

2022-nji ýylda Biwol iki gezek tutluşdy we ikisinde-de WBA Super wersiýasy boýunça ýarym agyr agramda dünýäniň çempiony adyny üstünlikli gorady.
Üstümizdäki ýylyň maý aýynda Dmitriý Biwol eminleriň biragyzdan gelen karary bilen meksikaly boksçy Saul "Kanelo" Alwaresden üstün çykdy. Şeýle-de, noýabrda rus boksçysy biragyzdan gelnen karar bilen meksikaly başga bir türgen Hilberto Ramiresi utdy.
Owal Dmitriý Biwol Bütindünýä boksçylar assosiasiasynyň (WBA) wersiýasy boýunça "Ýylyň boksçysy" diýlip ykrar edildi.
Dmitriý Biwolyň professional boksçylyk karýerasyndaky hasabynda jemi 21 tutluşykda 21 ýeňiş bar, şolaryň 11-si nokaut bilen gazanylan ýeňiş.


şu gün 09:52
2.5k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....

08.05.2026 10:25
5.2k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.7k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......