«Mançester Ýunaýtediň» eýeleri kluby 2023-nji ýylyň başynda satmagy göz öňünde tutýarlar

  • 15.12.2022 12:13
  • 11k+

«Mançester Ýunaýted» iňlis futbol klubunyň eýesi, amerikan telekeçileriniň maşgalasy Gleýzerler 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde kluby satmak hakyndaky geleşigi tamamlamagy göz öňünde tutýar.

Bu barada The Athletic portaly habar berdi.
Çeşmäniň habar bermegine görä, kluby satmak meselesinde Gleýzerleriň maslahatçysy bolup çykyş edýän Raine Group amerikan banky geleşigi 6-7 mlrd funt sterling diýip bahalandyrýar. Neşiriň bellemegine görä, Gleýzerler kluby satmakdan, iňlis "Çelsisiniň" öňki eýesi Roman Abramowiçe garanda, has köp pul gazanmagy göz öňünde tutýarlar. Amerikan işewüri Todd Boeliniň konsorsiumy onuň üçin 4,25 mlrd funt töläpdi, geleşik maý aýynda ýapylypdy.
Iňlis klubuny satyn almaklyga birnäçe tarap gyzyklanma bildirdi, emma gepleşiklere potensial alyjylaryň sany birneme köpelende başlanylar.


şu gün 14:15
1.7k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
11k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.3k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.3k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......