Gawaý adalarynda dünýädäki iň uly hereket edýän wulkan atylyp başlady

  • 30.11.2022 18:02
  • 31k+

Gawaý adalarynda soňky 38 ýylda ilkinji gezek dünýäniň iň uly hereket edýän wulkany — Mauna-Loa atylyp başlady. ABŞ-nyň Geologiýa gullugy (USGS) adalaryň ýaşaýjylaryna wulkanyň atylmagy bilen bagly ýagdaýyň örän çalt üýtgäp biljekdigini duýdurdy. Bu barada Anadolu agentligi habar berýär.

Ştatyň häkimiýetleri ýaşaýjylaryň ewakuasiýa we “lawa akymynyň ugry üýtgän ýagdaýynda iň ýaramaz hadysa” taýýar bolmalydygyny aýtdylar.
Gawaýlaryň wulkan obserwatoriýasynyň wekili wulkan atylandan soň ýerasty titremeleriň hem bolandygyny habar berýär.
Saglygy goraýyş departamentiniň maglumatlaryna görä, Gawaý adalarynda howanyň hili gözegçilikde saklanýar we häzirki wagtda kadaly hasaplanýar.


26.02.2026 13:53
4.5k+

Kolumbiýada güýçli wulkan atylmasy sebäpli ýaşaýjylar göçürilip başlandy

Kolumbiýada palçyk wulkanynyň örän güýçli atylmagy sebäpli häkimiýetler ýerli ilaty howpsuz ýerlere göçürýär. Bu barada BNO News neşiri habar berýär. Wulkanyň Antiokiýa departamentiniň San-Huan-de-Uraba munisipalitetinde atyldy...

25.02.2026 16:04
12k+

Güýçli ýagyş sebäpli Braziliýanyň Uba şäherini sil aldy, köçelerden ulaglar akyp gitdi

Geçen dynç güni Braziliýada güýçli tupanly ýagyşlar ýagdy. Bu zerarly häzirki wagtda iň agyr ýagdaý Minas-Žeraýs ştatynyň Uba we Žuis-di-Fora şäherlerinde hasaba alyndy. Dowamly ýagyn sebäpli golaýdaky suw howdanlary kenaryndan aşyp, köçeleri sil aldy...

25.02.2026 10:24
14k+

ABŞ-nyň gündogar kenarýakasynda güýçli gar höküm ýöredýär. Boýy bilen gara çümen Nýu-Ýorkuň suratlary

Soňky on ýylyň içinde bolup geçen iň güýçli gar boragany ABŞ-nyň demirgazyk-gündogarynda köpçülikleýin elektrik togunyň kesilmegine we ulag gatnawynyň doly togtamagyna getirdi. Meteorologlaryň berýän maglumatlaryna görä, bu ştatlarda bir gije-gündiziň dowamynda 60 santimetrden köp gar ýagdy...

23.02.2026 13:55
13k+

Güýçli gar sebäpli ABŞ-da adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

ABŞ-nyň demirgazyk-gündogarynda höküm sürýän syrgynly gar sebäpli 60 milliondan gowrak adam adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň täsir zolagyna düşdi. Bu barada Hill neşiri habar berýär. «Delawer, Massaçusets, Nýu-Ýork, Nýu-Jersi, Pensilwaniýa we Rod-Aýlend ştatlary adatdan daşary ýagdaý düzgünini yglan etdiler, bu bolsa 60 milliondan gowrak adama täsir etdi» diýlip, habarda aýdylýar...