Ember Herd Google-da iň köp gözlenen tanymal adam boldy

  • 26.11.2022 14:14
  • 26k+

CelebTatter portaly ABŞ-da Google-dan peýdalanyjylaryň isleglerini seljerdi. Ember Herd meşhur şahslaryň arasynda birinji boldy - onuň adyny her aýyň dowamynda 5,6 mln gezek gözläpdirler.

Aktrisanyň öňki ýanýoldaşy Jonni Depp 5,5 mln gözleg bilen ikinji ýerde boldy. Üstümizdäki ýylyň aprel aýyndan iýun aýyna çenli Herd bilen Depp töhmet hakyndaky iş boýunça kazyýet seljermesine gatnaşdylar.
Netijede kazyýet oturdaşlary Emberi günäli diýip bildiler we Jonnä ýetiren ahlak zyýany üçin oňa 15 mln dollar möçberinde öweztöleg tölemeli diýip karar çykardylar. Herd garşylyklaýyn arzadan soň 2 mln dollary yzyna aldy.
Sanawda üçünji ýere Beýik Britaniýanyň merhum Şa zenany Ýelizaweta II düşdi. Monarh zenan sentýabr aýynda 96 ýaşynyň içinde dünýäden ötdi. Ol ýurdy 1952-nji ýyldan bäri dolandyrýardy. Sanawyň yzyny Kim Kardaşýan, Ilon Mask we Pit Dewidson dagy dowam etdi.


20.05.2026 12:28
1.9k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.5k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....