«Ýewrowideniýe-2023-de» ses bermegiň täze düzgünleri hereket eder

  • 24.11.2022 16:00
  • 4.2k+

«Ýewrowideniýe-2023-de» ses bermegiň täze düzgünleri hereket eder. Indi bu bäsleşige gatnaşyjylaryň ykbalyny diňe tomaşaçylar çözer diýip, bäsleşigiň resmi saýtynda habar berilýär. Emin agzalaryny halkara saz bäsleşiginiň bu tapgyryndan çetleşdirerler. «Ýewrowideniýa-2023-iň» guramaçylary şeýle karara gelinmeginiň sebäbini şu ýyl ses berlişigiň ahyrky netijesinde  ýüze çykarylan düzgün bozulmalar bilen düşündirdiler.

«2022-nji ýylyň bäsleşiginde ses berlişikde ýüze çykarylan öň gabat gelinmedik düzgün bozulmalar bilen bagly, adalatly ses berlişigi goramagyň usullaryna seretmek üçin, Ýewropa ýaýlymlar birleşiginiň agzalaryndan ybarat iş topary döredildi. Soňra rekomendasiýalar bäsleşigiň geňeşini dolandyrýan referent topar we EBU-nyň Ýerine ýetirji geňeşi tarapyndan makullanyldy» - diýip,  guramaçylaryň habarynda aýdylýar.

Indi islendik ýurduň raýaty, hatda bäsleşige gatnaşmaýan ýurtlaryňky hem, tölegli SMS ugradyp, ýerine ýetiriji üçin öz sesini berip bilýär. Şeýle sesler finalda ýurtlaryň sesleri bilen deň bahaly bolar.


şu gün 19:18
153

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

17.05.2026 14:15
6.1k+

70-nji «Ýewrowideniýe» bäsleşiginde bolgariýaly aýdymçy Dara ýeňiji boldy

Bolgariýaly aýdymçy Dara 70-nji «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýubileý bäsleşigi Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirildi....

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....