«Mançester Ýunaýtediň» eýeleri kluby satmak meselesine seredýärler

  • 24.11.2022 14:08
  • 7.9k+

Angliýanyň Premýer-ligasynyň “Mançester Ýunaýted” futbol klubunyň eýesi bolan Gleýzerler maşgalasy topary satmak hakyndaky meselä seredýärler. Bu barada klubuň resmi saýtynda berilýän habara salgylanyp, rbc.ru ýazýar.

Habarda “Mançester Ýunaýtediň” ýolbaşçylygynyň maýadarlara topara täze maýa goýujylary çekmek, stadiony we onuň infrastrukturalaryny döwrebaplaşdyrmak klubuň ählumumy derejede hususy işjeňligini giňeltmek, şeýle-de ony dolulygyna ýa-da bölekleýin satmak mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrandygy bellenilýär.
Ýeri gelende bellesek, bu topar 1878-nji ýylda “Nýuton Hit” ady bilen esaslandyryldy we 1902-nji ýylda häzirki adyna eýe boldy. 2005-nji ýylyň maýynda ABŞ-ly işewür Malkolm Gleýzer klubuň 1,47 milliard dollarlyk gözegçilik aksiýasyny aldy.
“Mançester Ýunaýted” Angliýanyň Premýer-ligasynda 13 gezek çempion bolup, Angliýanyň kubogy ugrundaky oýunlarda 12 gezek, iňlis ligasynyň kubogynda bolsa 5 gezek ýeňiş gazandy. Şeýle-de topar 3 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny aldy.


düýn 16:49
4.9k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
5.4k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.3k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....