Serdar Berdimuhamedow «Wahat Al Karama» ýadygärligine bardy

  • 22.11.2022 15:42
  • 9.8k+

Şu gün Abu-Dabide bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow «Wahat Al Karama» ýadygärlikler toplumyna baryp, Birleşen Arap Emirlikleriniň Watan üçin gurban bolan milli gahrymanlaryny hatyralady.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde berilýän habara görä, bu ýerde toplumyň ýolbaşçysy Şeýh Halifa bin Tahnun döwlet Baştutanyna «Wahat Al Karama» ýadygärlikler toplumy barada gürrüň berdi. Soňra hormatly Prezidentimiz Hormat garawulynyň esgerleriniň öňünden geçip, ýadygärligiň etegine gül çemenini goýdy we Birleşen Arap Emirlikleriniň milli gahrymanlarynyň hakydasyny hatyralady. Ýadygärlikler toplumyna baryp görmeginiň hormatyna belent mertebeli Prezident Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Arap dilinden terjime edilende «Mertebe jülgesi» diýmegi aňladýan «Wahat Al Karama» ýadygärligi bitewi döwlet ugrunda janyny gurban eden esgerleriň hakydasyny ebedileşdiren gaýduwsyzlygyň we milletiň jebisliginiň nyşanydyr. Olaryň atlary biri-birine direlip duran panelleriň 31-sinde beýan edildi. Plitalarda BAE-niň Liderleriniň goşgy setirleridir aýdan sözleri ýazylypdyr. Meýdany 4 müň inedördül metr bolan ýadygärligiň meýdançasyndan Şeýh Zaýediň adyny göterýän uly metjidiň umumy görnüşi görünýär.
Toplumyň çäginde ýerleşýän Harby şöhrat zalynyň içinde aýlaw boýunça diwaryň ýüzüne BAE-niň gahrymanlarynyň atlary ýazylan 2800 sany alýumin jetwel bar. Her jetwelde gahrymanyň ady, harby ady, goşun görnüşi, wepat bolan ýeri hem-de senesi görkezilen. Binanyň üçegi 8 sany plitadan ybarat bolup, olaryň 7-si Birleşen Arap Emirliklerini, sekizinjisi bolsa ýurduň milli gahrymanlaryny alamatlandyrýar.


02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.6k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 16:01
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 16:01
2.1k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....