Dünýä çempionaty — 2022-niň ilkinji duşuşygy Ekwadoryň ynamly ýeňşi bilen tamamlandy

  • 20.11.2022 23:30
  • 15k+

Şu gün, 20-nji noýabrda futbol boýunça Dünýä çempionatynyň ilkinji duşuşygynda Katar Ekwadoryň ýygyndysy bilen duşuşdy. Duşuşyk El-Hauredäki «El-Baýt» stadionynda oýnaldy we ekwadorlylaryň peýdasyna 2:0 hasap bilen tamamlandy.

22-nji Dünýä çempionatynyň ilkinji duşuşygynda Enner Walensiýa dubl etdi (16-njy min., pen., 31-nji min.). Ynamly ýeňşi mynasybetli Ekwador öz toparynda (A) 3 utuk bilen birinji orna geçdi, Katar bolsa dördünji ýere düşdi.
Futbol baýramçylygy ýaňy başlandy. TmCars.info okyjylaryny futbol duşuşyklarynyň netijeleri hem-de olardaky gyzykly täzelikler bilen yzygiderli tanyşdyryp durar.

Ertir, 21-nji noýabrda şu duşuşyklar geçiriler (Aşgabat wagty bilen):

Topar Sene, wagty Duşuşyklar
B topar 21.11.2022  18:00 Angliýa – Eýran
A topar 21.11.2022  21:00 Senegal – Niderlandlar
B topar 21.11.2022  00:00 ABŞ – Uels

 


düýn 20:55
3.4k+

UEFA klub ýaryşlarynyň pleý-off tapgyryna üýtgeşmeleri girizdi

2025/2026 möwsüminde UEFA-nyň klub ýaryşlarynda pleý-off tapgyryna degişli täze üýtgeşmeler güýje girer. AS neşiriniň habar bermegine görä, indi Çempionlar ligasynda, Ýewropa ligasynda we Konferensiýalar ligasynda öýdäki we myhmançylykdaky oýunlaryň geçiriliş tertibi bije çekişme arkaly däl-de, toparlaryň toparlaýyn tapgyryň umumy tablisasynda eýeleýän orunlary bilen kesgitlener...

düýn 18:17
6.8k+

FIFA milli ýygyndylaryň reýtingini täzeledi: Türkmenistan iki orun ýokary galdy

Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) täzelenen reýtinginde iki orun ýokary galdy. Indi topar 1092,4 bal (+16,27) bilen 140-njy orny eýeleýär. Türkmenistanyň milli ýygyndysyna sanawdaky ornuny ýokarlandyrmaga 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň kubogynyň saýlama ýaryşynyň oýnundaky ýeňiş kömek etdi: 10-njy iýunda topar Tailandyň milli ýygyndysyny 3:1 hasabynda utdy...

düýn 14:09
9.2k+

Karlo Ançelotti salgyt tölemändigi üçin bir ýyl tussaglyga höküm edildi

Madridiň Ýokary kazyýeti Madridiň “Realynyň” öňki baş tälimçisi Karlo Ançelottini salgyt tölemändigi bilen bagly iş boýunça bir ýyl tussaglyga höküm etdi. Bu barada kazyýet çözgüdiniň tekstine salgylanyp, TASS habar berýär...

düýn 14:06
3.3k+

Apellýasiýa kanagatlandyryldy: «Liona» Fransiýanyň 1-nji Ligasynda galmaga rugsat berildi

Fransiýanyň «Lion» futbol kluby ýurduň çempionatynyň ýokary ligasynda galmagy başardy. Milli administratiw gözegçilik departamentiniň (DNCG) topary 2-nji Liga düşürmek baradaky kararyna garşy berlen apellýasiýa kanagatlandyryldy...