Genuýada jemgyýetçilik ulaglarynyň ählisi 2024-nji ýyldan mugt bolar

  • 20.11.2022 12:39
  • 10k+

Iki ýyldan Genuýa mugt jemgyýetçilik ulaglary bolan ilkinji Italiýa şäheri bolar. “Ýewropulsyň” habar bermegine görä, Genuýada jemgyýetçilik ulaglarynyň bir bölegi 2021-nji ýylyň noýabr aýynda mugt boldy. Şondan bäri adamlar olardan ortaça 30% köp peýdalanyp başladylar. Şonuň üçin şäher häkimligi şäheriň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ýol nyrhyny tölemekden doly boşatmak kararyna geldi.

Bu täzeligiň esasy wezipesi global ýylama sebäp bolýan kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmakdyr.
2050-nji ýyla çenli Ýewropada bug gazlarynyň zyňyndylary olaryň tebigat tarapyndan (mysal üçin, agaçlar tarapyndan) galyndysyz siňdirilip bilinjek derejesine çenli azalmaly. Şeýle maksat Ýewropa Bileleşigi tarapyndan esasy sebäpkäri bug gazlary bolan global ýylama garşy göreşiň çäklerinde kesgitlenildi.
Ýewropanyň beýleki şäherleri hem atmosferanyň hapalanmagyna, klimatyň üýtgemegine we ulag dyknyşyklaryna garşy göreşmek üçin jemgyýetçilik ulag nyrhlaryny ýatyrýarlar. Mysal üçin, Pragada awtobuslar we metrolar şäherde goýy tüsse bolan günlerde ýol tölegini almaýarlar. Parižde jemgyýetçilik ulaglary 18 ýaşa çenli çagalar üçin mugt boldy, Brýusselde bolsa gatnaw 25 ýaşa çenli adamlar üçin mugt. Lýuksemburgda ýol nyrhy düýbünden ýatyryldy.


25.06.2026 23:36
5.6k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......