Fýodor Ýemelýanenko karýerasynda soňky göreşini 4-nji fewralda Beýdere garşy geçirer

  • 19.11.2022 18:13
  • 34k+

Garyşyk stiliň russiýaly pälwany Fýodor Ýemelýanenko amerikaly türgen Raýan Beýdere garşy karýerasynda soňky tutluşygyny geçirer. Bu barada anna güni Bellator guramasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Agyr agramda Bellatoryň çempionynyň titulyny almak ugrundaky bäş raundly göreş 4-nji fewralda Los-Anželesde geçer.
Ýemelýanenko häzir 46 ýaşynda, onuň hasabynda 40 ýeňiş, alty ýeňliş bar, ýene bir göreş bolsa geçmedi diýip hasaplandy. Ol soňky tutluşygyny 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirdi, şonda amerikaly türgen Timoti Jonsony birinji raundda nokaut bilen ýeňipdi.
Beýder 2019-njy ýylda Bellatoryň Baş baýragyny almak ugrundaky göreşiň finalynda birinji raundda Ýemelýanenkony nokaut bilen utupdy. 39 ýaşly amerikaly türgeniň hasabynda 30 ýeňiş, 7 ýeňliş bar. Beýder — agyr agramda Bellatoryň häzirki çempiony. 


13.03.2026 12:13
8.5k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...

11.03.2026 18:54
8.7k+

Oliweýra UFC-niň iň gowy söweşijileriniň P4P reýtingine gaýdyp geldi, Sarukýan çykdy

Braziliýaly söweşiji Çarlz Oliweýra agram derejesine garamazdan (pound-for-pound) UFC-niň iň gowy 15 söweşijisiniň sanawyna gaýdyp geldi. Reýtingdäki bu üýtgeşme Oliweýra UFC 326 ýaryşynda Maks Holloweýi ýeňip, BMF guşagyny gazanandan soň bolup geçdi...

10.03.2026 12:23
15k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedro bilen urşar

Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow 16-njy aprelde Demirgazyk Irlandiýanyň Belfast şäherindäki «SSE Arena» arenasynda geçiriljek PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedro bilen duşuşar...

10.03.2026 07:58
6.6k+

UFC 326 turnirinde Oliweýra Holloueýden üstün çykyp, 2,2 million dollardan gowrak girdeji gazandy

UFC-niň ýeňil agramda öňki çempiony Çarlz Oliweýra UFC 326 turniriniň iň köp hak tölenýän gatnaşyjysy boldy. Sporty Salaries portalynyň maglumatlaryna görä, braziliýaly söwüşiji agşamyň esasy tutluşygy üçin 2,282 million dollar aldy...