2022-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty barada täsin faktlar

  • 20.11.2022 12:17
  • 19k+

Iň gysga boýly futbolçy - 158 santimetr, iň köp futbolçy ugradan bolsa "Bawariýa".

Eýýäm şu gün (20-nji noýabrda) futbol boýunça dünýä çempionaty badalga alar. Turniriň Katarda geçmeginiň özi özboluşly ýagdaý. Mysal üçin, oýunlar ilkinji gezek Ýakyn Gündogarda geçýär. Ýygyndy toparlaryň düzümi aýan edilenden soň DÇ-2022 baradaky beýleki täsin faktlar hem mälim boldy. Biz esasy maglumatlary bir ýerde jemledik.

  1. Iň az talapnama: Eýranyň ýygyndysy - DÇ-2022-ä 26 däl-de, 25 futbolçy beren ýeke-täk topar.
  2. DÇ-2022-de iň gysga boýly futbolçy - Marokkonyň ýygyndysynyň ýarym goragçysy Ilýas Şair (158 santimetr).
  3. DÇ-2022-de iň uzyn boýly futbolçy - golland derwezebany Andris Noppert (203 santimetr).
  4. Hany seniň Watanyň? Talapnamalardaky 137 futbolçy DÇ-2022-de öz doglan ýurduna wekilçilik etmeýär. Şeýle oýunçylaryň iň köpi  Marokkonyň toparynda (14 adam).
  5. 2022-de ilkinji gezek (!) dünýä çempionatyna baş eminler hökmünde zenanlar bardylar: Stefani Frappar (Farnsiýa), Salima Mukansanga (Ruanda) we Ýosimi Ýamasita (Ýaponiýa).
  6. Iň gymmat düzüm - Angliýanyň ýygyndysynda. Jemini goşaňda - 1,26 mlrd ýewro!
  7. Bahasy boýunça iň ýönekeýi - Kataryň ýygyndysy. Hojaýyn-topara bary-ýogy 14,9 mln ýewro nyrh kesilýär.
  8. Legionerleriň ýygyndysy: Senegalyň topary - DÇ-2022-de düzümi 100% legionerlerden ybarat ýeke-täk topar. Ýagny, oýunçylaryň hersi bir liganyň wekili bolup, hiç biri öz ýurdunyň çempionatyna wekilçilik etmeýär.   
  9. Debýutant: Kataryň ýygyndysy - DÇ-2022-de bu - taryhynda birinji mundial bolan ýeke-täk topar.
  10. DÇ-2022-ä talapnamadaky iň ýaş futbolçy - nemes hüjümçisi Ýussufa Mukoko. Şu turnirdäki ýeke-täk 17 ýaşly futbolçy. Dogry, turniriň açylyşy güni onuň 18 ýaşy dolýar, Germaniýanyň ýygyndysynyň birinji oýny güni  bolsa onuň doglanyna 18 ýaş 3 gün bolýar. 
  11. DÇ-2022-ä talapnamadaky iň ýaşy uly futbolçy - Meksikanyň ýygyndysynyň 40 ýaşly derwezebany Alfredo Talawera.
  12. Assist-adam: DÇ-2022-ä ugradylan futbolçylaryň arasynda dünýä çempionatlarynda iň köp pas beren - Tomas Mýuller (alty pas).
  13. Lionel Messi - DÇ-2022-ä ugradylan oýunçylaryň içinde dünýä çempionatlarynda oýnan oýunlarynyň sany boýunça rekordsmen. Argentinaly türgen geçen dört turnirde 19 oýna gatnaşdy. 
  14. DÇ-2022-niň iň ýaş topary - Gananyň ýygyndysynda. Futbolçylaryň ortaça ýaşy - 24,7 ýaş.
  15. DÇ-2022-niň iň uly ýaşly topary - Eýranyň ýygyndysynda. Futbolçylaryň ortaça ýaşy - 28,9 ýaş.
  16. Bu dünýä çempionaty 32 topar oýnajak çempionatlaryň iň soňkusy bolar. Indiki turnirden başlap, final bölümde 48 ýygyndy çykyş eder. 
  17. DÇ-2022-ä iň köp futbolçyny "Bawariýa" ugratdy - sekiz ýygyndyda 17 oýunçy.
  18. DÇ-2022-de iň ýaş tälimçi - Lionel Skaloni, ol 44 ýaşynda. Argentinanyň ýygyndysy onuň baş tälimçi hökmünde işleýän birinji toparydyr. 
  19. DÇ-2022-de iň ýaşy uly tälimçi - gollandlarda. Lui wan Gal eýýäm 71 ýaşady.
  20. Goleador: DÇ-2022-ä ugradylanlaryň içinde turnirleriň taryhynda iň oňat bombardir - nemes türgeni Tomas Mýullerdir (10 gol). Onuň watandaşy Miroslaw Kloze tutuş taryhyň dowamynda rekordsmen bolmagynda galýar (16 gol).

şu gün 14:25
2.2k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

şu gün 09:54
904

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 13:03
14k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
10k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....