«Formula-1-iň» sürüjisi Hýulkenberg «Haas» bilen şertnama baglaşdy

  • 19.11.2022 14:00
  • 3.1k+

“Formula-1-iň” amerikan topary “Haas” germaniýaly sürüji Niko Hýulkenberg bilen şertnama baglady. Bu barada onuň resmi saýtyna salgylanyp, sport-interfax.ru habar berýär.

Şertnama türgeniň 2023-möwsüminde söweşjeň sürüji hökmünde gatnaşmagyna niýetlenendir. “Haasda” 35 ýaşly Hýulkenberg daniýaly Kewin Magnusseniň ýoldaşy bolar.
Şol bir wagtyň özünde topary germaniýaly Mik Şumaher terk eder.
Niko Hýulkenberg 2010-njy ýylda “Formula-1-de” “Williamsyň” düzüminde ilkinji gezek çykyş etdi. Onuň “Formula-1-däki” karýerasynyň dowamynda iň gowy netijesi 2012-nji ýylda Belgiýanyň Gran-prisinde dördünji orny eýelemegi boldy.


05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....