Hyundai täze Grandeur-yň häsiýetnamalaryny aýan etdi

  • 17.11.2022 17:29
  • 14k+

Hyundai kompaniýasy Grandeur sedanynyň ýedinji nesliniň häsiýetnamasynyň syrlaryny doly açdy. Günorta Koreýada täze ulagyň bahasy 37,16 mln won-dan başlaýar.

Awtoulagyň baza wersiýalary kuwwaty 198 at güýjüne we aýlanýan pursady 248 H.m deň bolan Smartstream 2,5 litrlik benzin bilen işleýän hereketlendirijä eýe boldular.  Şeýle-de motorlaryň gammasyna 300 a.g. netijeli 365 litrlik V 6 agregaty girdi. Mundan hem başga, müşderilere sedanyň kuwwaty 240 a.g. deň bolan gazly wersiýasyny teklip ederler. Bu ähli modifikasiýalar sekiz basgançakly awtomat korobkaly peredaça bilen enjamlaşdyrylandyr.
Grandeur-yň gibrid güýç gurluşly görnüşini hem satyn almak bolar. Onuň düzümine 1,6 litrlik benzin bilen işleýän hereketlendiriji , elektromotor we alty basgançakly "awtomat" girdi. Şunuň ýaly sedanyň kuwwaty - 230 a.g. Priwody - öň tarapky ýa-da doly (diňe 365 litrlik motorly wersiýa üçin). Şeýle-de täze ulagy ýoluň üstüni skanirleýän öň tarapky kameraly adaptiw podweska bilen enjamlaşdyrdylar, şol maglumatyň esasynda elektronika amortizatorlaryň işini sazlaýar.


şu gün 10:41
1.3k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.4k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....