Täze Toyota Prius tanyşdyryldy

  • 16.11.2022 23:58
  • 18k+

Toyota kompaniýasy Priusyň gibrid modeliniň täze nesli bilen tanyşdyrdy. Bu barada brendiň metbugat gullugy habar berýär.

Awtoulagyň TNGA-nyň täze platformasynda gurlandygy bellenilýär. Model inçe swetodiod farlaryna, giň howagermewe, şeýle hem kuzowyň ini boýunça tutuşlygyna uzap gidýän yzky "monofonar"-a  eýe boldy.
Salonda sanly pribor paneli we mediaulgamyň ekrany oturdylan, onuň aşagynda bolsa iki sany merkezi howa çykaryjy we funksional klawişleriň uly bolmadyk kese blogy ýerleşdirilen.  
Bazara awtoulagyň iki wersiýasy çykarylar. Birinjisi 223 a.g.-ne deň bolan umumy netijeli  birikdirilýän gibrid bolup durýar. Şeýle ulaga 0-da 100 km/sag-çenli bat almaga 6,7 sek. ýeterlik.  Ikinji wariant - bu parallel gibrid, ol islege görä iki benzin hereketlendirijisinde işleýär: umumy kuwwaty 193 a.g.-ne deň bolan 1,8 litirlik ýa-da 2,0 litrlik içinden ot alýan hereketlendiriji. Toyota Priusyň hasap boýunça bäşinji neslini 2022-nji ýylyň dekabr aýynda satyp başlamak bellendi.

 


şu gün 09:57
2.5k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

düýn 23:53
2k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.3k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.2k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......