Transfermarkt boýunça DÇ-2022-niň iň gymmat oýunçylarynyň 10-lygy yglan edildi

  • 16.11.2022 22:53
  • 18k+

Transfermarkt internet-portaly öňde boljak futbol boýunça dünýä çempionatynyň iň gymmat futbolçylarynyň sanawyny düzdi.

Şeýlelikde, Katarda geçjek DÇ-2022-niň iň gymmat oýunçysy Fransiýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe boldy. Ikinji ýeri «Realdan» Winisius eýeledi. Liderleriň üçlügini «Mançester Sitidäki» Fil Foden jemleýär. 

DÇ-2022-niň iň gymmat oýunçylarynyň top-10-lygy:

  1. Kilian Mbappe (Fransiýa ) — 160 mln ýewro;
  2. Winisius Žunior (Braziliýa) — 120 mln ýewro;
  3. Fil Foden (Angliýa) — 110 mln ýewro;
  4. Jamal Musiala (Germaniýa) — 100 mln ýewro;
  5. Pedri (Ispaniýa) — 100 mln ýewro;
  6. Jud Bellingem (Angliýa) — 100 mln ýewro;
  7. Federiko Walwerde (Urugwaý) — 100 mln ýewro;
  8. Garri Keýn (Angliýa) — 90 mln ýewro;
  9. Bukaýo Saka (Angliýa) — 90 mln ýewro;
  10. Gawi (Ispaniýa) — 90 mln ýewro.

düýn 12:22
13k+

Ronaldu "Al-Nasr" üçin meýdança çykmakdan ýüz dönderýär. Onuň Aşgabada gelmegi sorag astynda

Kriştianu Ronaldu ýene-de üns merkezine düşdi. Ýöne bu gezek gollary bilen däl-de, dörän gapma-garşylyklar sebäpli düşdi. Portugaliýanyň «A Bola» neşiriniň habar bermegine görä, ýyldyz hüjümçi «Al-Nasryň» «Er-Riýad» toparyna garşy geçirjek nobatdaky duşuşygyna gatnaşmazlygy mümkin...

01.02.2026 17:46
5.7k+

Dünýäniň iň uly 20 kluby bir möwsümde €12 mlrd gazandy, onuňam €1,2 milliardy — «Realda»

Deloitte kompaniýasy möwsümdäki girdejileri boýunça futbol klublaryna baha berýän Money League ýyllyk reýtingini hödürledi. 2024/25 möwsüminiň lideri tas 1,2 mlrd ýewro girdeji bilen Madridiň «Realy» boldy. Dünýäniň öňdebaryjy 20 klubunyň umumy girdejisi ilkinji gezek 12 mlrd ýewrodan geçdi...

01.02.2026 11:41
7.9k+

Hytaýyň lideri Si Szinpin futbol janköýeri bolup çykdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin «Mançester Ýunaýted» futbol klubunyň hakyky janköýeri bolup çykdy. Bu barada Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmeriň Pekine bolan resmi saparynyň dowamynda mälim boldy diýip, South China Morning Post neşiri habar berýär...

31.01.2026 17:28
7.5k+

Bir oýunçy birgiden topardan gymmat: CIES futbol akademiýalarynyň uçurymlaryna baha berdi

CIES Football Observatory guramasy professional futbol klublarynyň akademiýalarynyň netijelilik reýtingini çap etdi. Bu sanaw klublaryň terbiýäp ýetişdiren oýunçylarynyň umumy transfer bahasyna we olaryň professional futboldaky sanyna esaslanýar...