Islam Mahaçew UFC-niň iň gowy söweşijileriniň reýtinginde ikinji orna çykdy

  • 16.11.2022 14:05
  • 22k+

Ýeňil agramda Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) çempiony Islam Mahaçew agram kategoriýasyna garamazdan promouşeniň reýtinginde üçünji orundan ikinji orna galdy. Bu barada guramanyň saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Öň ikinji orny şenbe güni Nýu-Ýorkda geçirilen UFC 281 turnirinde braziliýaly Aleks Pereýradan ýeňlip, altynjy gezek orta agramda promouşeniň çempiony titulyny gorap bilmedik Israel Adesanýa eýeleýärdi. Täze Zelandiýanyň wekili dört orun aşak düşdi. Reýtingde birinji orny ýarym ýeňil agramda çempion awstraliýaly Aleksandr Wolkanowski eýeleýär, üçünji orunda ýarym orta diwizionda titulyň eýesi britaniýaly Leon Edwards ýerleşýär.
Abu-Dabide geçirilen UFC 280 turnirinde Mahaçew braziliýaly Çarlz Oliweýrany möhletinden ir ýeňip, ýeňil agramda promouşeniň täze çempiony boldy. 2023-nji ýylyň 12-nji fewralynda Awstraliýanyň Pert şäherinde geçiriljek UFC 284 turnirinde Mahaçew Wolkanowskä garşy ilkinji titul goragyny geçirer.


düýn 11:39
10k+

Striklend ýeňilmezek Çimaýewi ilkinji ýeňlişine sezewar edip, UFC guşagyny yzyna aldy

Şon Striklend Nýuark şäherinde geçirilen UFC 328 ýaryşynyň esasy söweşinde Hamzat Çimaýewi ýeňip, orta agramda UFC-niň çempiony diýen ady aldy. Bäş raund dowam eden tutluşyk eminleriň dürli çözgüdi bilen......

09.05.2026 00:16
7.6k+

Hamzat Çimaýew – Şon Striklend urşy: haçan we nirede görmeli

2026-njy ýylyň 9-njy maýyndan 10-njy maýyna geçilýän gije (Aşgabat wagty bilen 10-njy maý) ABŞ-nyň Nýuark şäherindäki «Prudenşl Sentr» arenasynda UFC 328 ýaryşy bolar. Onuň esasy wakasynda orta agram......

04.05.2026 11:23
3.3k+

UFC ilkinji gezek Serbiýada ýaryş gurnar

Absolýut söweş çempionaty (UFC) öz taryhynda ilkinji gezek Serbiýada turnir geçirer. Guramanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ýaryşlar 2026-njy ýylyň 1-nji awgustynda Belgrad şäherinde bolar....

02.05.2026 16:41
7.7k+

UFC-niň ýyldyzlary Arman Sarukýan bilen Toni Fergýuson RAF 10 ýaryşynda duşuşarlar

2026-njy ýylyň 13-nji iýunynda ABŞ-nyň Sent-Luis şäherinde geçiriljek RAF 10 ýaryşynyň çäginde UFC-niň guşagyna esasy dalaşgärleriň biri Arman Sarukýan bilen meşhur “weteran” söweşiji Toni Fergýusonyň arasynda......