Müsürde dünýäniň iň iri ýel elektrik stansiýalarynyň biri gurlar

  • 09.11.2022 18:26
  • 6.9k+

Birleşen Arap Emirlikleri we Müsür dünýäde iri ýel elektrik stansiýalarynyň birini gurmak hakynda ylalaşdylar. Bu barada “WAM” agentligine salgylanyp, tengrinews.kz habar berýär.

Nygtalyşy ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan we Müsüriň Prezidenti Abdul-Fattah Halil Al Sisi dünýäniň iň iri ýel elektrik stansiýalarynyň birini gurmak hakynda Ylalaşyga gol çekdiler. Müsürde kuwwatlylygy 10 gigawat bolan ýel elektrik stnasiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak hakynda BAE-niň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça “Masdar” kompaniýasynyň hem-de Müsüriň Hökümeti bilen ýurduň “Infinity Power и Hassan Allam Utilitie” işläp taýýarlaýjysynyň wekilleriniň arasynda Ähtnama gol çekilipdi.
Garaşylyşy ýaly, kuwwatlylygy 10 gigawatlyk ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, ol ýylda 47 müň 790 gigawat sagat arassa energiýany öndürer we 23,8 million tonna kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň öwezini dolar. Munuň özi Müsürde häzirki zyňylýan kömürturşy gazynyň 9 göterimine deňdir.
Şeýle-de täze ýel elektrik stansiýasy Müsüriň tebigy gaz üçin ýylda sarp edýän çykdajysynyň 5 milliard dollara golaýyny tygşytlar we täze iş orunlarynyň 100 müňüsini döretmäge mümkinçilik berer.


düýn 18:16
3.7k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

29.04.2026 16:01
2.1k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

29.04.2026 15:42
1.5k+

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

29.04.2026 07:36
1.1k+

Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Hamdy Şaaban Abdelhalim......