“Liwerpul” futbol kluby satuwa çykaryldy

  • 09.11.2022 11:02
  • 15k+

“Iňlisleriň “Liwerpul” futbol klubuna eýelik edýän ABŞ-nyň “Fenway Sports Group” (FSG) kompaniýasy topary satuwa çykardy” diýip, kompaniýanyň beýanatyna salgylanyp, “The Athletic” habar berýär. Bu maglumaty mir24.tv paýlaşýar.

Kompaniýa tarapyndan eýýäm kluby satyn almaga gyzyklanýanlar üçin prezentasiýa taýýarlanyldy. Satuw işine kömek bermek üçin “Morgan Stanley” we “Goldman Sach” kompaniýalary hakyna tutuldy.

“Ozal “FSG” eger bu klub hökmünde “Liwerpulyň” bähbidine bolsa, dogry şertleri ulanmak esasynda, täze aksionerler hakyndaky meselä garajakdygyny mälim edipdi. “FSG” häzirem “Liwerpulyň” meýdançada-da, onuň daşynda-da üstünliklerine doly ygrarly bolmagynda galýar” diýip, kompaniýa habar berýär.

Ýeri gelende bellesek, “Fenway Sports Group” kompaniýasy sporta maýa goýmak bilen meşgullanýar. Hususan-da, oňa “Boston Red Soks” beýsbol kluby we “Pittsburg Pingwins” milli hokkeý ligasynyň topary degişlidir. “Fenway Sports Group” 2010-njy ýylyň oktýabryndan bäri “Liwerpula” eýelik edýär. Bu topar 2019-njy ýylda Çempionlar ligasynda ýeňiş gazandy, 2020-nji ýylda bolsa Angliýanyň çempiony boldy.


şu gün 14:25
3.3k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

şu gün 09:54
977

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 13:03
14k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
10k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....