Zidan DÇ-2022-den soň Fransiýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçy bolar

  • 06.11.2022 09:15
  • 8.4k+

Fransiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň öňki kapitany Zinedin Zidan Katarda geçiriljek dünýä çempionaty-2022-den soň ýurduň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi bolar diýip, Libertad Digital habar berýär. Muny sport-interfax.ru ýetirýär.

Zidan Fransiýanyň Futbol federasiýasy bilen şertnama baglaşdy we ýygyndynyň baş tälimçisi wezipesinde Didýe Deşamyň ornuny çalşar. Bellenilişi ýaly, bu çözgüde Fransiýanyň milli ýygyndysynyň dünýä çempionatyndaky netijeleri täsirini ýetirmez.
Fransiýalylar häzirki dünýä çempionlarydyr, olar 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiji boldular.
Zidan oýunçy bolmak bilen, 1998-nji ýyldaky dünýä çempionatynda we 2000-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynda ýeňiş gazandy. Tälimçi bolup, klub derejesinde Madridiň “Realyna” ýolbaşçylyk etdi. Zidanyň tälimçi bolan döwründe “Real” üç gezek Çempionlar ligasynda, iki gezek Ispaniýanyň çempionatynda, Superkubogynda, UEFA-nyň Superkubogynda, Klublaýyn dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy.
Katarda dünýä çempionaty 20-nji noýabrdan 18-nji dekabr aralygynda geçiriler.


düýn 13:51
8.3k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......