Lamborghini markasynyň esaslandyryjysy hakyndaky filmiň treýleri çykdy

  • 04.11.2022 22:29
  • 13k+

Internetde Lamborghini ady bilen kinofilmiň treýleri peýda boldy: «The Man behind the Legend». Ol meşhur italýan markasyny esaslandyryjy Ferruçço Lamborgininiň terjimehalyny gürrüň berer. Treýlerden çen tutsaň,  sýužet kompaniýanyň peýda bolan ilkinji ýyllary barada gürrüň berer. Ilkinji görkezilişi 18-nji noýabra meýilleşdirildi.

Treýler Ferruçço Lamborgininiň terjimehalyndan esasy epizodlary şöhlelendirýär, ýagny Enso Ferrari bilen ile belli dawadan soň superkarlaryň önümçiligini ýola goýmak hakynda karara gelinmegini we birinji Lamborghininiň Ženewa awtosalonynda ilkinji gezek görkezilmegini suratlandyrýar. Lamborghini we Ferrari superkarlarynyň arasyndaky simwoliki ýaryş hem oňa goşulypdyr.
Filmde baş keşbi Frenk Grillo ýerine ýetirýär: film surata düşürilip başlanmazyndan öň onuň Ferruççonyň ogly Tonino bilen köp wagtyny geçirendigi barada öň aýdylypdy, sebäbi ol öz gahrymanyny asyl nusgasyna aňrybaş meňzetmek isläpdir. Lamborgininiň duşmanynyň we bäsdeşiniň keşbini Gabriel Birn oýnapdyr. Filmiň režissýory - Robert Moresko.


10.06.2026 11:18
5.5k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

16.05.2026 18:14
4.5k+

Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy......

11.05.2026 11:24
2.6k+

Lamborghini 63 ýyllygyny belleýär: Italiýanyň brendiniň üstünliginiň taryhy we sanlaryň jadygöýligi

Italiýanyň Lamborghini awtoulag öndürijisi 63 ýyllygyny belleýär. Bu wakanyň şanyna kompaniýa 9-njy we 10-njy maýda Imola şäherindäki Enso we Dino Ferrari adyndaky awtodromda giňden ýaýbaňlandyrylan......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......