Mbappe Messiniň Çempionlar ligasyndaky netijeliligi boýunça özboluşly rekordyny täzeledi

  • 04.11.2022 12:26
  • 12k+

Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” klubunyň hüjümçisi Kilian Mbappe Çempionlar ligasynyň taryhynda 40 gol belligine ýeten iň ýaş futbolçy bolmak bilen, Lionel Messiniň rekordyny täzeledi. Bu barada UEFA-nyň Twitter sahypasynda habar berilýär diýip, rsport.ria.ru belleýär.

“PSŽ” çarşenbe güni “Ýuwentusy” 2:1 hasabynda utdy. Mbappe Messiniň pökgini geçirmegi bilen gol girizdi. Fransiýaly oýunçy üçin bu Çempionlar ligasynda 40-njy girizilen pökgi boldy. Oýun wagtynda 23 ýyl we 317 gün ýaşyny dolduran Mbappe ýaryşyň taryhynda 40 gol belligine ýeten iň ýaş oýunçy boldy. Öňki üstünlik Messä degişlidi. Argentinaly 24 ýyl 130 gün ýaşynda 40 pökgi geçirdi.


düýn 21:03
999

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

düýn 15:42
5.6k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......