Manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 29 ýyllygy däp bolan maslahat bilen bellenildi

  • 02.11.2022 12:48
  • 6.8k+

1-nji noýabrda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 29 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ugurdaş okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda bank ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, ulgamy sanlylaşdyrmagyň aýratynlyklary, milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň taslamalaryna, maksatnamalaryna maýa goýumlary goýmakda halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk,  durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde bank ulgamynyň eýeleýän orny baradaky çykyşlar diňlenildi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmegiň konsepsiýasynyň esasy ýörelgesi serişde, senagat, zähmet hem-de aň-paýhas mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr. Bu strategiýanyň netijeliligi, ozaly bilen, onuň anyk hasaplamalardan, ykdysady, durmuş, demografik şertleriň içgin seljerilmeginden ugur alnyp, ylmy esasda işlenip taýýarlanandygyndadyr. Çykyş edenler bank ulgamyna sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagynyň baş maksadynyň işiň has çylşyrymly görnüşlerini awtomatlaşdyrmakdan, maliýe-ykdysady ulgamyň işiniň tizligini ýokarlandyrmakdan, hyzmatlaryň möçberlerini, netijeliligini hem-de hilini artdyrmakdan ybaratdygyny nygtadylar.
Türkmenistanlylaryň «Altyn asyr», «Millikart», «Maşgala», «Goýum bank karty», «Owerdraft karty», şeýle hem halkara «VISA» we «MasterCard» bank kartlaryny peýdalanmagy pul dolanyşygynyň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrdy. Mundan başga-da, ilatyň erkin pul serişdelerini netijeli peýdalanmaklary we olaryň girdejilerini artdyrmaklary üçin depozit bank karty möhüm gural bolup hyzmat edýär.
Şanly sene mynasybetli guralan çäräniň çäklerinde pul birlikleriniň nusgalary, Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Garaşsyzlyk ýyllary içinde goýberilen, gymmat bahaly metallardan taýýarlanan ýadygärlik şaýlar, milli zergärlik şaý-sepleri görkezilýän, ýurdumyzyň numizmatikasynyň taryhyna bagyşlanan maglumatlary özünde jemleýän sergi guraldy. 

düýn 14:43
7.1k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

14.05.2026 18:54
5.1k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
2.2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......