Serdar Berdimuhamedow milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 29 ýyllygyny gutlady

  • 01.11.2022 00:42
  • 40k+

Şu gün — 1-nji noýabrda Türkmenistanyň milli pul birligi bolan manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 29 ýyllygy bellenilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlag iberdi. Nygtalyşy ýaly, milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin amatly şertleri döretdi.

“Häzirki döwürde ýurdumyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglere laýyk getirmek işleri dowam etdirilýär. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, bank hyzmatlary hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Hasaplaşyklaryň tizligini, serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrmak maksady bilen, ulgamda ornaşdyrylýan elektron tölegleriň gerimi giňeýär. Ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Bank ulgamynyň işgärleriniň hünär derejeleri yzygiderli ýokarlandyrylýar. Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek esasynda jemi içerki önümiň jan başyna düşýän möçberi babatda Türkmenistanyň girdejisi orta derejeden ýokary bolan ýurtlaryň hatarynda bolmagy ýurdumyzda pul-karz, salgyt-býujet, nyrh emele getiriş, maýa goýum syýasatynyň netijeli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär. Bu ýetilen sepgitleri Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky we beýleki abraýly halkara guramalar tassyklaýar” diýlip, döwlet Baştutanynyň Gutlagynda bellenilýär.

Şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedow: Biz geljekde-de ýurdumyzyň pul-karz syýasatyny yzygiderli kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetimiziň önümçilik maksatly ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmaga, kiçi önümçilikleri höweslendirmäge, ilat üçin karz-maliýe serişdeleriniň möçberini köpeltmäge, karz göterimleriniň mundan beýläk-de elýeterli bolmagyny gazanmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bereris. Halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdüreris, iň täze innowasion, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy dowam etdireris. Raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin berilýän ýeňillikli ipoteka karzlarynyň, şonuň ýaly-da, sarp ediş maksatly karzlaryň möçberlerini yzygiderli artdyrarys hem-de maliýe-bank hyzmatlaryny has-da kämilleşdireris” diýip, Gutlagynda nygtady.


02.05.2026 08:13
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.8k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 16:01
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......