Islam Mahaçew UFC-niň umumy reýtinginde ilkinji üçlüge girdi

  • 26.10.2022 15:22
  • 22k+

Garyşyk stiliň russiýaly söweşijisi Islam Mahaçew agram kategoriýasyna garamazdan Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) reýtinginde üçünji orny eýeleýär. Bu barada promouşeniň saýtynda habar berilýär diýip, sport-interfax.ru belleýär.

22-nji oktýabrda Mahaçew Abu-Dabide geçirilen turnirde braziliýaly Çarlz Oliweýrany ýeňip, ýeňil agramda UFC-niň çempiony boldy. Mundan öň ol UFC-niň birleşdirilen reýtinginde ýokdy.
Umumy reýtingiň lideri ýarym ýeňil agramda UFC-niň çempiony bolan Awstraliýanyň wekili Aleksandr Wolkanowskidir.
Russiýaly Pýotr Ýan has ýeňil agram reýtinginde birinji orundan ikinji orna düşdi. Lider bolsa ony Abu-Dabide geçirilen turnirde ýeňip, 10 setir ýokary galan amerikaly Şon O’Melli boldy.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......