Täze Nissan Juke 2023 tanyşdyryldy

  • 25.10.2022 17:35
  • 10k+

Nissan kompaniýasy özüniň meşhur ykjam Juke krossowerini Awstraliýanyň bazary üçin täzeledi. 2023-nji model ýylynyň Nissan Juke 2023 krossoweri täzeden işlenen dizaýna we gowulandyrylan aerodinamikaly täze tehnologik çözgütlere eýe boldy. Nissan Juke 2023 birnäçe komplektasiýalarda teklip ediler: ST, ST+, ST-L+, Ti we Ti Energy Orange. Olar özünden öňkülerden täzelenen şildikleri we iki sany açyk reňkli — keramiki çal we magnit-gök görnüşleri bilen tapawutlanýarlar.

Nissan Juke ST we ST+ modelleri 17 dýumlyk birsydyrgyn ýeňil diskler bilen üpjün edilen, ST-L we ST-L+ bolsa içiniň gara elementleri we ak çyzykly deriden oturgyçlary bilen tapawutlanýarlar. Şeýle hem ST-L, ST-L+ we Ti modelleri täze ýük tekjesine eýe boldular, bu bolsa ýük goýulýan bölümi aňrybaş netijeli ulanmaga mümkinçilik berýär. Bulardan hem başga, Juke ST-L, ST-L+ we Ti toplumlarynda kontaktsyz blokirowka edýän/blokirowkany aýyrýan intellektual açar we Bose-yň premium-klas görnüşli stereoulgam bar.
Awtoulag kuwwaty 114 at güýjüne deň bolan turboüfleýjili 1-litrlik üç silindrli hereketlendiriji, iki ssepleniýaly ýedi basgançakly robotlaşdyrylan peredaça korobkasy bilen üpjünlenen. Garyşyk siklda 100 km-e 5,8 l  ýangyç sarp edýär.
Awstraliýada 2023-nji model ýylynyň Nissan Juke-niň bahasy 28 390 awstraliýa dollaryndan ýa-da ABŞ-yň 18 000 dollaryndan başlanýar.


08.06.2026 16:02
1.6k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.4k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.7k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....