Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleri boýunça teklipler 28 million manat býujet serişdelerini tygşytlar

  • 23.10.2022 18:15
  • 24k+

Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleri babatda taýýarlanan teklipleriň amala aşyrylmagy bilen jemi 28 million  manat býujet serişdeleriniň tygşytlanmagyna garaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we  ykdysadyýet ministri M.Serdarow 22-nji oktýabrda geçirilen mejlisde habar berdi.

TmCars.info-nyň habar berşi ýaly, 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.
Mejlisiň barşynda bellenilişi ýaly, dolandyryş-çäk birlikleriniň kämilleşdirilmegi bilen baglylykda ulanyşdan boşadylýan, ykdysadyýetimiz üçin goşmaça mümkinçilikleri emele getirýän ýerli dolandyryş, bilim, medeniýet we maliýe-ykdysady edaralarynyň edara-binalaryny, desgalaryny netijeli peýdalanmak ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik döreder we döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmaklyga oňyn täsirini ýetirer diýip, ministr belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy tygşytlanylan maliýe serişdeleriniň ýurdumyzyň durmuş ulgamyna, mekdepleriň we çagalar baglarynyň, saglyk edaralarynyň gurluşygyna, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilmeginiň maksada laýyk boljakdygyny belledi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......