Nokia Corp 2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde arassa girdejisini 22%, girdejisini 16% ýokarlandyrdy diýlip, kompaniýanyň metbugat relizinde habar berilýär. Muny interfax.ru ýetirýär.
Kompaniýanyň iýul – sentýabr aýlarynda arasaa girdejisi geçen ýylyň degişli döwründäki 351 mln ýewro bilen deňeşdirilende, 428 mln ýewro boldy. Bir gezeklik faktorlary hasaba almazdan düşewünt 19%, 551 mln ýewro çenli ýokarlanyp, analitikleriň 510 mln ýewro möçberindäki ortaça çaklamasyndan ýokary boldy.
Nokia-nyň çärýek girdejisi bir ýyl ozalky 5,4 mlrd ýewrodan 6,24 mlrd ýewro çenli ýokarlandy. Bu görkeziji üçin bazar çaklamasy 6,05 mlrd ýewro deňdi.
Kompaniýanyň ykjam aragatnaşyk ulgamlary üçin enjamlar ugrundan bölümçesiniň girdejisi 23%, ulgam infrastrukturasy ugrundan bölümçesiniň girdejisi 15%, “bulut” çözgütleri ugrundan girdejisi 7% ýokarlandy.
Kompaniýa ýyllyk satuw çaklamasyny ozal garaşylan 23,5-24,7 mlrd ýewrodan 23,9-25,1 mlrd ýewro çenli ýokarlandyrdy.
Nokia-nyň paýnamalary penşenbe güni söwdada 4,1% arzanlady. Ýylyň başyndan bäri olaryň bahasy 18,3% peseldi.