Messi dünýä çempionatynyň faworitlerini aýtdy

  • 18.10.2022 17:42
  • 20k+

“Pari Sen-Žermeniň” we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Braziliýanyň we Fransiýanyň toparlarynyň ýakynda Katarda geçiriljek dünýä çempionatynyň faworitleridigini aýtdy. Bu barada rsport.ria.ru belleýär.

“Uly ýygyndylar bar: Braziliýa, Germaniýa, Fransiýa, Angliýa we Ispaniýa. Käbirlerini ýatdanam çykarandyryn. Ýöne eger birini ýa ikisini saýlamaly bolsam, onda meniň pikirimçe, Braziliýa bilen Fransiýa bu dünýä çempionatynda ýeňiji bolmak üçin iki esasy dalaşgär” – diýip, Messiniň sözlerini RMC Sport getirýär.

2022-nji ýylyň dünýä çempionatynda Braziliýanyň ýygyndysy bir toparda serbler, şweýsariýalylar we kamerunlylar, Fransiýanyň topary bolsa awstraliýalylar, daniýalylar we tunisliler bilen oýnar.
Futbol boýunça dünýä çempionaty 20-nji noýabrdan 18-nji dekabr aralygynda geçiriler.


düýn 15:47
4.5k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

düýn 15:39
3.5k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....

düýn 10:31
5.2k+

Arbeloa «Reala» kubok getirip bilmedi we wezipesinden gidýär

Ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloa geçirilen metbugat maslahatynda möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi....

23.05.2026 21:06
3k+

La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026......