Wise-premýerler güýz-gyş möwsümine taýýarlyk boýunça anyk tabşyryklary aldylar

  • 17.10.2022 12:01
  • 10k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow 16-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda güýz-gyş möwsümine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere gözegçilik etmek boýunça Hökümet agzalaryna anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowa hem-de toplumyň ýolbaşçylaryna güýz-gyş möwsüminde sarp edijilere elektrik energiýasynyň bökdençsiz iberilmegini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi we elektrik stansiýalarynda möwsümleýin abatlaýyş işlerini geçirmegiň zerurdygyny belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer M.Mämmedowa ýüzlenip, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, telewideniýede we radioda elektrik energiýasyny, tebigy gazy talabalaýyk ulanmak, ýangyn howpsuzlygy boýunça hünärmenleriň çykyşlaryny, “Türkmengaz” döwlet konserni, Energetika we Içeri işler ministrlikleri bilen bilelikde degişli wideoşekilleriň görkezilişini guramagyň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesowa, şeýle-de toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, bilim we saglygy goraýyş edaralarynda, aýratyn-da, çagalar baglarynda, orta we ýokary orta mekdeplerinde ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işini üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýyladyş gazanlarynyň, energetika, gaz, suw hem-de jemagat hojalyklarynyň bökdençsiz işiniň üpjün edilmegini, olaryň gözegçilikde saklanylmagyny tabşyrdy.
Hormatly Prezident maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowa ýüzlenip, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, obalaryň hem-de şäherleriň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi bilen bagly maliýe meseleleriniň wagtynda çözülmelidigini aýdyp, degişli tabşyryklary berdi.


02.05.2026 08:13
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.8k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 16:01
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......