Hökümet mejlisi: Türkmenistanda güýz-gyş möwsümine taýýarlyk güýçlendirilýär

  • 17.10.2022 12:00
  • 10k+

16-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda güýz-gyş möwsümine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere garaljakdygyny we beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde bug gazan hojalygy, energetika, gaz, suw we jemagat hojalygy kärhanalarynyň 2022-2023-nji ýyllaryň gyş ýyladyş möwsüminde bökdençsiz hem-de howpsuz işini üpjün etmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat şäher häkimlikleriniň ýyladyş möwsümine taýýarlygy, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy we jemagat hyzmatlary bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça işleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik barlaglary geçirildi.
Soňra energetika ministri H.Rejepmyradow güýz-gyş ýyladyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň ýanynda we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarda ýörite iş toparlary döredildi. Gyş möwsüminde sarp edijileri we ilatly ýerleri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek üçin anyk çäreler görüldi. Soňra döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanow pudakda güýz-gyş möwsüminde içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen yzygiderli hem-de ygtybarly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew pudakda güýz-gyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow paýtagtymyzda güýz-gyş möwsümi boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirligi tarapyndan binalar, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, orta mekdepler, saglygy goraýyş desgalary, şeýle-de edara-kärhanalar ýylylyk bilen üpjün edilýär. Şeýle-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny gyş möwsüminde elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek üçin, elektrik beketlerinde, paýlaýjy elektrik geçirijilerde degişli işler geçirilýär.
Welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlarynda hem sebitlerde bilim-terbiýeçilik edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş ulgamyna degişli edaralaryň ýyladyş, energiýa, gaz üpjünçiliginiň degişli derejede işlemegi üçin zerur işleriň geçirilendigi, howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilişine seljerme işleriniň amala aşyrylandygy habar berildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, gyş möwsüminiň ýetip gelmegi bilen, ilaty, ýaşaýyş-durmuş desgalaryny, kärhanalary we guramalary ýyladyş, suw, elektrik energiýasy, gaz hem-de beýleki jemagat hyzmatlary bilen bökdençsiz üpjün etmekde ähli gulluklaryň sazlaşykly işini guramagyň zerurdygyny nygtady. Aýratyn-da, bu meselede mekdeplere, çagalar baglaryna we hassahanalara uly üns bermeli diýlip bellenildi.


14.07.2025 11:15
5.8k+

Serdar Berdimuhamedow Emmanuel Makrony Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýanyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Soňky wagtda Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berildi...

14.07.2025 08:01
10k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň başlygyny çalyşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 12-nji iýulda gol çeken kararyna laýyklykda, Serdar Agamyradowiç Baýramow Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Döwletmämmet Ýazmämmedowiç...

12.07.2025 18:20
20k+

Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa agentligi ýatyrylyp, ýerine 5 sany täze düzüm döredildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi ýatyryldy.  Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, ýatyrylan Türkmenistanyň...

12.07.2025 16:44
10k+

Türkmenistanyň Hökümet ýolbaşçylary 1-nji awgustdan dynç alşa çykar

Türkmenistanyň Prezidenti 1-nji awgustdan başlap, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara dynç almaga rugsat berdi. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 11-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda aýtdy...