«Älem TV» IPTV hyzmatyny Android smartfonlaryna, IPTV TVBOX enjamlaryna we telewizorlara nädip birikdirmeli

  • 26.10.2022 10:33
  • 133k+

26-njy oktýabrdan başlap, «Älem TV»  teleýaýlym operatory «AŞTU» ÝGPJ-niň hem-de «Türkmentelekom» EAK-nyň müşderileri üçin «Älem TV» IPTV hyzmatyny tölegli esasda işe girizdi. Şu güne çenli bu hyzmat ulanyjylara mugt hödürlenildi.
Hyzmatyň her aýlyk tölegi — 50 manat.

Öň TmCars.info «AŞTU» ÝGPJ-niň hem-de «Türkmentelekomyň» EAK-nyñ hyzmatlaryndan peýdalanýan müşderileriň «Älem TV» IPTV hyzmatyndan hem aňsatlyk bilen birikdirip biljekdiklerini habar beripdi.
«Älem TV» IPTV hyzmaty arkaly Ýewropanyň we Aziýanyň ýörgünli teleýaýlymlaryny, meşhur sport, rus, türk, özbek we hindi teleýaýlymlaryny gije-gündizleýin hödürleýär.

«Älem TV» IPTV hyzmatyny birikdirmek üçin näme etmeli?
«Älem TV» IPTV hyzmatyny islendik adam özbaşdak hem, degişli aragatnaşyk operatoryna — «AŞTU» ÝGPJ-ine ýa-da «Türkmentelekom» EAK-na ýüz tutmak arkaly hem birikdirip bolar.
Hyzmaty özbaşdak birikdirmek üçin Android ulgamly telewizorlarda ýa-da IPTV TVBOX enjamlaryna Google Play Market-den «Älem TV» goşundysyny ýükläp almaly we degişli aragatnaşyk operatoryny görkezmeli («AŞTU» ÝGPJ ýa-da «Türkmentelekom» EAK).
Hyzmat birikdirilende her müşderä iki sany enjam üçin niýetlenen (2 telewizor, telewizor+smartfon we ş.m.) bir login we parol berilýär.

Tölegi degişli aragatnaşyk operatorynyñ nokadyna baryp geçirmeli.
«Älem TV» mobil goşundysyny Google Play Marketden  https://play.google.com/store/apps/details?id=iptvportal.tmalem smartfonlara ýükläp almak arkaly, IPTV hyzmatynyñ teleýaýlymlaryna tomaşa etmek mümkin.

Hyzmaty birikdirmek üçin şu telefon belgilerinden habarlaşyp bilersiňiz: +99365 019998; +99365 317887
Tehniki soraglar üçin: +99361 859499
Iş wagty: 9:00—18:00

12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....