9 aýyň jemleri: Türkmenistanda dürli pudaklara berilýän karzlaryň galyndylary ýokarlanýar

  • 11.10.2022 13:26
  • 14k+

Şu ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, Türkmenistanda ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna gönükdirilen karzlaryň galyndysy, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,2 göterim ýokarlandy, şol sanda milli manadymyzda berlen karzlaryň galyndysy 16,7 göterim ýokarlandy. Bu barada 10-njy oktýabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Merkezi bankyň başlygy T.Mälikowyň hasabatynda bellenildi.

Şunuň bilen bir hatarda, ykdysadyýetiň hususy bölegine berlen karzlaryň galyndysy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 34,3 göterim, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine berlen karzlaryň galyndysy 3,1 göterim, hususy oba hojalyk önümlerini öndürijilere berlen karzlaryň galyndysy 1,9 esse, raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen karzlaryň galyndysy 7,5 göterim ýokarlandy. Maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin senagat we obasenagat toplumlaryna karzlary bermek boýunça işler dowam etdirildi. Hasabat döwründe ýurdumyzyň karz edaralarynyň gazanan peýdasy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8,4 göterim ýokarlandy.
Şunuň bilen baglylykda, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň Ösüş banky, Yslam Ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etmek, beýleki halkara maliýe edaralary bilen täze gatnaşyklary ýola goýmak üçin zerur işleri geçirmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......