Acer 120 gers ekranly we täze ses ulgamly telewizory bildiriş etdi

  • 07.10.2022 15:21
  • 6.9k+

Acer kompaniýasy ekranlary şekili 120 Gs tizlikde täzelemäni göterýän akylly telewizorlaryň şu ýyl çykaryljakdygyny resmi taýdan tassyklady.

Maglumaty Acer bilen işleýän Indkal hindi kompaniýasynyň baş direktory Anand Dubeý tassyklady. Anand Dubeýiň sözlerine görä, Acer şu ýylyň ahyryna çenli täze ses ulgamyna eýe boljak, 120 Gs täzeleniş tizlikli telewizorlary goýberip başlar.
Acer ýaňy-ýakynda Hindistanda H- we S seriýaly akylly telewizorlary goýberdi. Bu telewizorlar MEMC, HDR 10+, Dolby Vision we ş.m. tehnologiýalary göterýär, ýöne olaryň hiç birem täzelenişi ýokary tizlikli panele eýe bolmandy. 
Acer S-Series 65UHD modeli 3840 x 2160 razreşeniýeli 65 dýumlyk çarçuwasyz ekran  we iň ýokary 420 kd/m2 ýagtylyk bilen üpjün edilen.  Bu telewizor 1,07 milliard reňk öwüşginine çenli görkezip bilýär we HDR 10+ we HLG-i, şeýle-de Dolby Vision-y göterýär. Telewizor 50 Wt kuwwatly HiPower Soundbar akustik ulgam bilen enjamlaşdyrylan we Dolby Atmos-y göterýär. Gurluş Android TV 11-iň dolandyrmagynda işleýär. Ony iki diapazonly Wi-Fi-a, Bluetooth-a, HDMI 2.1-iň üç portuna, USB-A, USB-C we AV portlaryna birikdirip bolýar. 

düýn 20:56
804

Axiom Space kompaniýasy Aý skafandrynyň ilkinji uçuş synagynyň senesini yglan etdi

Axiom Space kompaniýasy Aýa gonulanda geýilmeli AxEMU skafandrynyň ilkinji uçuş synagyny 2027-nji ýylda Halkara Kosmos Stansiýasynda ýa-da Artemis III missiýasynyň çäginde geçirmegi meýilleşdirýär....

düýn 15:25
3.6k+

Berlinde 13 ýaşly mekdep okuwçysy 2300 ýyllyk gadymy teňňäni tapdy

13 ýaşly mekdep okuwçysy Berliniň golaýyndaky meýdançadan ellinizm döwrüne degişli, takmynan 2300 ýyllyk bürünç teňňäni tapdy. Bu barada Germaniýanyň Bild gazeti habar berýär....

düýn 12:03
2k+

Lirid meteor akymy 22-nji aprelde iň ýokary derejä çykar

22-nji aprelde daňdan Ýer “Tetçer” kometasynyň bölekleriniň arasyndan geçer, bu bolsa her ýylky Lirid meteor akymynyň iň ýokary derejesini alamatlandyrýar diýip, Amerikan meteor jemgyýeti habar berýär....

16.04.2026 20:52
2.4k+

Astronomlar emele gelýän ýyldyzyň töwereginde adaty bolmadyk gyzgyn halkany tapdylar

Ýapon alymlarynyň topary ALMA teleskopynyň kömegi bilen Öküzçe molekulýar buludynda (MC 27/L1521F) protoýyldyzyň töwereginde uly gaz halkasyny tapdylar diýip, Astrophysical Journal Letters neşiri habar berýär....