Tencent Hytaýyň iň iri kompaniýasy diýen derejesini ýitirdi

  • 04.10.2022 13:28
  • 5.2k+

Tencent Holdingi özüniň Hytaýyň iň iri kompaniýasy diýen derejesini çakyr öndürýän ägirde — Kweichow Moutai-ýe geçirdi. Bu barada Bloomberg habar berýär.

Tencent-iň Gonkongdaky paýnamalary 2021-nji ýylda çykan iň ýokary derejesinden soň 64%-ni ýitirdi, netijede kompaniýanyň bazar bahasy 623 mlrd dollar arzanlady — bu aňrybaş dünýä rekordy. Pekin tarapyndan bir ýyllap pudagyň dolandyrylyşynyň berk gözegçilikde saklanmagy netijesinde maýa goýumçylaryň Tencent-iň geljeginden howatyrlanmagy onuň pese düşmegine getiren esasy faktor boldy.
30-njy sentýabrda, anna güni Gonkongda söwdalaşyklaryň ýapylan pursadyndaky ýagdaýa görä, kompaniýanyň bahasy Mountai-iňkiden takmynan 5,4 mlrd dollar pes bahalandyryldy.  


12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.8k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.7k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....