Gurbanguly Berdimuhamedow: «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» taslamasynyň filosofiýasy «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen baglydyr»

  • 03.10.2022 12:07
  • 12k+

Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» taslamasy öz filosofiýasy we geoykdysady manysy boýunça Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» atly ählumumy başlangyjy bilen baglydyr. Bu meselä abraýly hytaý neşiri bolan «Ženmin Žibao» gazetinde çap edilen makalasynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn ünsi çekdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Häzirki wagtda Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasyny utgaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Häzirki zaman şertlerinde özara bähbitleriň bolmagy Türkmenistana we Hytaýa bu strategiýalary durmuşa geçirmegiň çäginde hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Bularyň ikisi hem Ýuwaş ummandan Atlantik ummanyna çenli ägirt uly giňişlige döwrebap ýörelgelerde birleşdirip, Ýewraziýanyň ykdysady ösüşine güýçli itergi bermäge gönükdirilendir. Olar birek-birege bagly bolan önümçilik we tehnologik ulgamlary, senagat guşaklyklaryny döredip, köp sanly durmuş meselelerini çözmegi, halklaryň ýaşaýyş derejesiniň, hal-ýagdaýynyň hilini ýokarlandyrmagy üpjün eder.

“Men geoykdysadyýetiň yklymymyzdaky täze keşbiniň binýadynyň hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýasy bolmalydygyna ynanýaryn. Munuň özi obýektiw ýagdaýdyr we onda islendik netijeli pikirler, strategiýalardyr başlangyçlar gyzyklanmalaryň hem-de uzak möhletleýin maksatlaryň utgaşmasy esasynda biri-biriniň üstüni doldurmalydyr. Şu nukdaýnazardan, «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» taslamasy öz filosofiýasy we geoykdysady manysy boýunça Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» atly ählumumy başlangyjy bilen baglydyr diýip hasaplaýaryn” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüniň üstüni ýetirdi.


20.06.2026 11:41
3.5k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......