Hytaý Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyk meselelerine oýlanyşykly we deňagramly çemeleşýär

  • 03.10.2022 12:12
  • 6.1k+

Merkezi Aziýadaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşmak türkmen-hytaý dialogynyň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýär.

«Ženmin Žibao» gazetinde çap edilen makalasynda bu barada aýtmak bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow: “Bu meselede-de biziň ýurtlarymyzyň esasy garaýyşlary ýakyndyr: Türkmenistan hem, Hytaý Halk Respublikasy hem köptaraplaýyn bähbitleriň deňeçerligi, ýüze çykýan meseleleri çözmek üçin syýasy-diplomatik usullara ygrarlylyk esasynda sebitde pugta howpsuzlyk ulgamyny döretmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Bu meselelerde Türkmenistan we Hytaý dünýä jemgyýetçiliginiň jogapkärli agzalary hökmünde çykyş edýärler. Özara gatnaşyklar üçin sebit usullarynyň döredilmegine uly goşant goşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Hytaýyň sebitleýin işlerde hem syýasy, hem ykdysady taýdan netijeli ornuny, Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyk meselelerine çemeleşmelerinde oýlanyşyklylygyny we deňagramlylygyny bellemek isleýärin” diýip belledi.
Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda «Merkezi Aziýa ― Hytaý» dialogy hereket edip, onuň çäklerinde gatnaşyjy ýurtlaryň Liderleri döwletara hyzmatdaşlygyň we häzirki döwrüň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......