Türkmenistanda karton kagyzyndan islendik görnüşdäki gutulary nirä sargyt edip bolýar?

  • 05.10.2022 11:46
  • 25k+

«Arş» hojalyk jemgyýeti kagyz karton galyndylaryny gaýtadan işläp, ýörite sargyt boýunça karton gutularynyň dürli görnüşlerini öndürmek hyzmatyny hödürleýär.

Hususan-da, kärhana:

  • Kagyz galyndylaryny (makulatura) gaýtadan işläp karton kagyzynyň dürli görnüşlerini — ak, goňur, kraft, toplaýner, flýuting, testlaýner we ş.m. öndürýär;
  • Karton kagyzdan islendik görnüşdäki karton gutularyny öndürýär;
  • Karton gutularynyň ýüzünde islendik şekilleri (logolary) 4 reňkde çap edip berýär;
  • Karton tegeklerini (naýçalary) öndürýär. Karton tegekleriniň ýüz we içgatlaryna şekilleri (logolary) çap edip berýär.

«HIL KEPILIGI! YNAMDAR HYZMATDAŞ!»

Bu şygar astynda önümçiligini amala aşyrýan kärhana daşky gurşawy goramak, galyndysyz önümçiligi ýola goýmak babatda möhüm işleri alyp barýar. Kärhana zyňyndy kagyzlary, ulanyşdan galan gutulary toplap, gaýtadan işläp, olary ýene-de ulanyşa girizmek bilen, daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümleri türkmen manadyna nagt we bank hasabyndan hasaplaşyk arkaly satýar. Munuň üçin, kärhana önümçilik maksatly gerek bolan ähli resminamalara eýedir.

Önümçilik nähili amala aşyrylýar?

Kärhananyň düzüminde doly enjamlaşdyrylan 3 sany önümçilik önümhanasy bar.
Önümler diňe sargyt esasynda ýerine ýetirilýär. Önümçilik kärhanalary karton gutularyň dürli görnüşlerini, dokma kärhanalary karton tegekleriň islendik ölçeglerini şeýle hem, restoranlar, tiz tagamlar pizza, pide we ş.m. iýmit önümleriniň gabyny islegleri boýunça sargyt edip bilýär. Islendik haryt sargyt edilenden, sargydyň göwrümine we önümçiligiň ýygylygyna görä, alyjy bilen wagt kesgitlenilýär.

 

Raýatlar kagyz galyndylaryny tabşyryp bilýär
Kärhanada kagyz galyndylaryny ýygnaýan bölüm hereket edip, islendik raýat jaň edip öz kagyz toplaýan salgysyna çagyryp, kagyz galyndylaryny tabşyryp bilýär. Kagyz galyndylarynyň agramy çekilip, tabşyran adam bilen kesgitlenen nyrh boýunça hasaplaşyk geçilýär.

Lomaý hem bölek sargyt edip bolýar
Sargytlar lomaý hem, bölekleýin bolup biler. Aşgabat şäheri we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Gökdepe etraplary aralygynda sargytlary eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar. Tölegli esasda welaýatlara hem eltip berilýär.
Hasaplaşyklar nagt we nagt däl görnüşinde geçilýär.

Habarlaşmak we karton gaplaryny sargyt etmek üçin telefon belgisi: +993 63 78-88-88
Salgymyz: G.Kuliýew köçesi, «Gurban» binasy (Edara bina);
Ak bugdaý etraby, Gäwers d/b, Gäwers obasy (Önümçilik).
Saýty: http://www.arshkarton.com.tm

12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....