8 mln töweregi britaniýaly telekommunikasiýa töleglerinde kynçylyk çekýär

  • 30.09.2022 11:13
  • 5k+

Britaniýada, takmynan, 8 mln öý hojalygy telekommunikasiýa töleglerinden kynçylyk bilen baş alyp çykýar diýip, “The Guardian” gazeti Ofcom media düzgünleşdirijisiniň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Soňky bir ýylda ykjam aragatnaşyk we öý interneti üçin töleglerinden baş çykarmaga çalyşýan maşgalalaryň sany iki esse – 15%-den 29%-e çenli köpeldi. Ofcom-yň maglumatlaryna görä, Britaniýada her ýedinji maşgala aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmek üçin azyk önümleri we egin-eşikler ýaly beýleki ugurlar üçin çykdajylary azaltdy. Öý hojalyklarynyň 9%-i bolsa bu hyzmatlardan düýbünden ýüz öwürdi.
Şunuň bilen baglylykda, media düzgünleşdirijisi uly telekommunikasiýa kompaniýalaryny inflýasiýanyň ýokarlanmagyna getirjek ýaz paslynda bahalary ýokarlandyrmak meýilnamasyna täzeden garamaga çagyrdy.


düýn 23:53
2.5k+

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....

26.06.2026 11:32
5.1k+

Finlýandiýada işsizlik XXI asyryň iň ýokary derejesine ýetdi

2026-njy ýylyň maý aýynda Finlýandiýada işsizleriň sany 376 müň adama ýetdi. Bu bolsa soňky 28 ýyldaky iň ýokary görkezijidir....

19.06.2026 19:18
4k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

18.06.2026 22:13
5.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....