Intel i9, i7 we i5 prosessorlarynyň täze neslini hödürledi

  • 29.09.2022 10:40
  • 5.6k+

Intel kompaniýasy alty modeli öz içine alan Raptor Lake-iň 13-nji nesliniň täze prosessorlarynyň tapgyryny bildiriş etdi. Bu barada The Verge habar berýär.

Aýtmaklaryna görä, täze çipler kuwwaty boýunça öňki nesilden köp akymly režimde 41% we bir akymly režimde bolsa 15% güýçlüdir diýip, gazeta.ru ýazýar.
Täze tapgyra i9-13900K we i9-13900KF (ýygylygy 5,8GGs-e çenli bolan 24 ýadro), i7-13700K we i7-13700KF (ýygylygy 5,4GGs-e çenli bolan 16 ýadro), şeýle-de i5-13600K we i5-13600KF (ýygylygy 5,1 GGs-e çenli bolan 14 ýadro) modelleri girdi.
Öňki nesildäki ýaly, Raptor Lake-de öndürijilikli  P-ýadrony we energonetijeli E-ýadrony öz içine alýan garnuwly arhitektura ulanylýar. Bloklaryň arasyndaky güýji paýlamaklyk ýene Intel Thread Director oturtma mikrokontrolýoryň paýyna düşer.
Täze prosessorlaryň ählisi 20-nji oktýabrda satuwa çykar we bahalary degişlilikde 589$, 564$, 409$, 384$, 329$ we 294$ bolar.


22.05.2026 14:49
788

Intel iPhone-nyň we iPad-yň käbir modelleri üçin prosessorlary öndürip başlady

Apple-iň üpjünçilik zynjyry boýunça analitigi Ming-Çi Kuo Intel kompaniýasynyň iPhone-nyň, iPad-yň hem-de Mac-yň arzan we köne modelleri üçin prosessorlary öndürip başlandygyny habar berdi....

27.04.2026 00:55
862

Intel turbo režimine geçdi: çärýeklik hasabatdan soň paýnamalar ýokary göterildi

Intel kompaniýasynyň paýnamalary söwda hepdesini rekord derejede 30% -e golaý ösüş bilen tamamlady we dotkom döwrüniň iň ýokary derejelerinden geçdi. Maýadarlar emeli aňyň integrasiýasynyň we täze baş direktor......

30.09.2022 13:18
7.2k+

Intel we Samsung ýygnalýan ekranly PK bilen tanyşdyrdy

Intel Innovation 2022 konferensiýasynda Samsung Display-iň baş direktory J.S.Çoý üýtgeýän diagonally kompýuteriň täze nusgasyny görkezdi. Gurluş planşet ýaly görünse-de, öndüriji ony PK diýip atlandyrýar. Gurluş...

28.05.2026 23:53
5.7k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....