“Cifal” Türkmenistanda täze taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýär

  • 26.09.2022 12:29
  • 7.3k+

25-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Žil Remini kabul etdi. Döwlet Baştutany halkara gurluşyk bazarynda öňdebaryjylaryň biri bolan “Cifal” fransuz kompaniýasynyň ençeme ýylyň dowamynda ýurdumyzda amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasyna işjeň gatnaşandygyny kanagatlanma bilen nygtady.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezident we myhman ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunda senagat ulgamynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda onuň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, binagärlik, gurluşyk ulgamyna öňdebaryjy daşary ýurt tejribesiniň çekilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle-de ýangyç-energetika toplumy we kommunikasiýalar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi. Döwlet Baştutany milli hem-de sebit ähmiýetli iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek meýlini tassyklap, Türkmenistanyň bu babatda anyk tekliplere garamaga taýýardygyny nygtady.
Žil Remi “Cifal” kompaniýasynyň bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanýandygyny aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny berjaý etmäge mundan beýläk-de pugta eýerjekdigine ynandyrdy.


02.05.2026 08:13
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.7k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 16:01
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......