Boeing kompaniýasy 737 MAX modeli barada ýalňyşdyrandygy üçin $200 mln jerime tölär

  • 25.09.2022 13:33
  • 17k+

Boeing amerikan kompaniýasy maýadarlary Boeing 737 MAX uçarynyň howpsuzlygy bilen bagly ýalňyşdyrmak baradaky aýyplamalar sebäpli 200 mln dollar möçberinde jerime tölär, ýene 1 mln dollary kompaniýanyň öňki ýolbaşçysy Dennis Melenberg tölär. Bu barada ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar boýunça komissiýasynyň (SEC) saýtynda ýerleşdirilen beýanda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

“SEC-iň Boeing we Melenberg bilen bagly buýruklarynda olaryň biperwaýlyk sebäpli gymmatly kagyzlar baradaky federal kanunyň kezzapçylyk bilen göreşmäge gönükdirilen düzgünini bozandyklary aýdylýar. SEC-iň netijelerini ykrar etmezden we ret etmezden Boeing bilen Melenberg, degişlilikde, 200 mln dollar we 1 mln dollar möçberinde jerimeleri göz öňünde tutýan buýruklar bilen ylalaşdy” – diýlip, beýanda aýdylýar. Zyýan çeken maýadarlaryň bähbidine ýörite gaznanyň dörediljekdigi hem bellenilýär.

Beýana görä, kompaniýa we onuň ýolbaşçysy Boeing 737 MAX 8-iň gatnaşmagynda bolan iki awiaheläkçiliginiň ilkinjisinden soň uçaryň “asmanda uçan islendik beýleki uçarlar ýaly howpsuzdygyna” ynandyrdylar.
2018-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Indoneziýada Lion Air awiakompaniýasynyň Boeing 737 MAX 8 uçary heläkçilige uçrap, 189 adam aradan çykdy. 2019-njy ýylyň 10-njy martynda Efiopiýada Ethiopian Airlines kompaniýasynyň şuňa meňzeş uçarynyň pidasy 157 adam boldy. Netijede, Boeing-iň ýolbaşçylygy iki ýagdaýda-da uçarlaryň bortynda heläkçilikden öň MCAS ulgamynyň işinde näsazlygyň bolandygyny boýun aldy.
2019-njy ýylyň dekabrynda Melenberg işinden çekildi. 2020-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda onuň wezipesini Dewid Kelhun eýeledi.


05.12.2025 18:06
13k+

Malaýziýa 11 ýyl mundan ozal ýiten Boeing uçarynyň gözlegine gaýtadan başlaýar

Malaýziýanyň hökümeti 11 ýyldan gowrak ozal ýiten Malaysia Airlines uçaryny gözlemek işini gaýtadan dikeltmek kararyna geldi. Gözleg işleri şu ýylyň 30-njy dekabrynda başlar. Bu barada ýurduň Ulag ministrligine salgylanyp, The Guardian neşiri habar berýär...

13.06.2025 09:48
22k+

Hindistanda dünýäde ilkinji gezek Boeing Dreamliner heläkçilige uçrady, ýekeje ýolagçy diri galdy

12-nji iýunda Hindistanyň günbataryndaky Gujarat ştatynda Air India awiakompaniýasynyň Boeing 787-8 Dreamliner ýolagçy uçary heläkçilige uçrady. Ol Ahmadabat şäherinden Londona gatnaw edýärdi. Heläkçilik uçar howa menzilinden uçandan gysga wagtdan soň bolup geçdi...

09.09.2024 00:29
5.5k+

Starliner kosmos gämisi ekipažsyz Ýere üstünlikli gaýdyp geldi

Boeing kompaniýasynyň Starliner kosmos gämisi ekipažsyz yzyna gaýdyp, Nýu-Meksiko amerikan ştatynda üstünlikli gondy. Gonuş ýerli wagt bilen 22:01-de (Aşgabat wagty bilen 09:01, 7-nji sentýabr) boldy diýip, RIA...

19.08.2024 13:25
5.6k+

Bilermenler Starliner gämisiniň Halkara kosmos stansiýasy bilen çaknyşmagyndan howatyrlanýarlar

NASA Boeing Starliner gämisini Ýere dolap getirmek bilen bagly täze meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýip, Business Insider neşiri habar berýär. Starliner gämisiniň hereketlendirijilerindäki näsazlyk bilermenleri...