Formula — 1-iň 2023-nji ýylyň möwsümi üçin senenamasy tassyklanyldy

  • 21.09.2022 16:22
  • 3.4k+

Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) 2023-nji ýyl üçin Formula — 1 çempionatynyň senenamasyny resmi taýdan tassyklady.

Möwsümde 24 sany Gran-pri geçiriler. Oňa Las-Wegasdaky (ABŞ) tapgyr goşuldy, ol çempionatda iň soňkudan öň ýanynda geçiriler. Ýaryşlar Bahreýniň Gran-Prisi bilen açylar. Ol 5-nji marta meýilleşdirildi. Soňky tapgyr 26-njy noýabrda Abu-Dabide geçiriler.

Formula-1. Möwsüm - 2023. Senenama:

  • 5-nji mart: Bahreýniň Gran-prisi
  • 19-njy mart: Saud Arabystanynyň Gran-prisi
  • 2-nji aprel: Awstraliýanyň Gran-prisi
  • 16-njy aprel: Hytaýyň Gran-prisi
  • 30-njy aprel: Azerbaýjanyň Gran-prisi
  • 7-nji maý: Maýaminiň Gran-prisi
  • 21-nji maý: Emilii-Romanýiniň Gran-prisi
  • 28-nji maý: Monakonyň Gran-prisi
  • 4-nji iýun: Ispaniýanyň Gran-prisi
  • 18-nji iýun: Kanadanyň Gran-prisi
  • 2-nji iýul: Awstriýanyň Gran-prisi
  • 9-njy iýul: Beýik Britaniýanyň Gran-prisi
  • 23-nji iýul: Wengriýanyň Gran-prisi
  • 30-njy iýul: Belgiýanyň Gran-prisi
  • 27-nji awgust: Niderlandlaryň Gran-prisi
  • 3-nji sentýabr: Italiýanyň Gran-prisi
  • 17-nji sentýabr: Singapuryň Gran-prisi
  • 24-nji sentýabr: Ýaponiýanyň Gran-prisi
  • 8-nji oktýabr: Kataryň Gran-prisi
  • 22-nji oktýabr: ABŞ-nyň Gran-prisi
  • 29-njy oktýabr: Meksikanyň Gran-prisi
  • 5-nji noýabr: Braziliýanyň Gran-prisi
  • 18-nji noýabr: Las-Wegasyň Gran-prisi
  • 26-njy noýabr: Abu-Dabiniň Gran-prisi

05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....