Şwesiýanyň Premýer-ministri Magdalena Andersson wezipesinden aýryldy

  • 15.09.2022 21:39
  • 9.1k+

Şwesiýanyň Premýer-ministri Magdalena Andersson onuň ýolbaşçylygyndaky çepçiler partiýasynyň Riksdagdaky saýlawlarda ýeňiş gazanyp bilmänden soň, penşenbe güni resmi taýdan wezipesinden aýrylýandygyny yglan etdi. Bu barada şwed habar beriş serişdeleri habar berýär.

Andersson Parlamentiň spikeri Andreas Norlen bilen duşuşdy we oňa kararyny mälim etdi.
Şol bir wagtda, Andersson täze hökümet düzülýänçä premýer wezipesini ýerine ýetirmegini dowam eder.
Öň, habar berlişi ýaly, Şwesiýada geçirilen saýlawlaryň netijeleri boýunça sagçylar partiýasy parlamentde 176 ýer gazandy, çepçiler bolsa, 173 ýer aldy. Riksdagda jemi 349 ýer bar.
Andersson 2021-nji ýyldan bäri Şwesiýanyň Premýer-ministri wezipesini eýeläp gelýärdi.


02.07.2025 13:44
20k+

Şwesiýanyň kazyýeti MTS bilen jedelde, Türkmenistanyň peýdasyna karar çykardy

Şwesiýanyň Swea Apellýasiýa kazyýeti MTS kompaniýasynyň ähli talaplaryny ret edip, Türkmenistanyň peýdasyna karar çykardy. Şeýle hem kazyýet MTS-i Türkmenistanyň bu iş boýunça kazyýet çykdajylaryny ödemäge borçly etdi...

15.12.2024 17:15
2.4k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Şwesiýanyň ilçisi bilen duşuşdy

12-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkmenistana sapar bilen gelen Şwesiýa Patyşalygynyň ilçisi (oturýan ýeri Stokgolm ş.) Tomas Danestad bilen duşuşdy. Duşuşyk Türkmenistanyň...

05.09.2024 13:46
3.9k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Şwesiýada duşuşyklary geçirdi

Stokgolmda Türkmenistan bilen Şwesiýanyň arasynda syýasy geňeşlemeleri geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, şwed tarapyna – Şwesiýa Patyşalygynyň Daşary...

06.06.2024 07:48
6k+

Serdar Berdimuhamedow Karl XVI Gustawy Şwesiýanyň Milli güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şwesiýanyň Patyşasy Karl XVI Gustawa Şwesiýanyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany şu mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa...