Skira: Gawi «Barselona» bilen täze şertnama barada ylalaşdy

  • 13.09.2022 18:54
  • 6.1k+

«Barselonanyň» we Ispaniýanyň ýygyndysynyň 18 ýaşly ýarym goragçysy Gawi klub bilen 2026-njy ýyla çenli şertnamasyny uzaldar. Geleşik ylalaşyldy we tassyklandy diýip, italýan žurnalisti Nikolo Skira habar berýär.

Täze şertnama boýunça oýunçynyň öwez töleginiň möçberi 1 mlrd ýewrodyr. Transfermarkt portaly ýarym goragçynyň bahasy 60 mln ýewro durýar diýip baha berýär.   
Gawi «Barselonanyň» esasy topary üçin  geçen ýylyň tomsundan bäri çykyş edýär. Futbolçy katalonlylar üçin 53 oýna gatnaşdy, olarda iki gol saldy we alty gezek netijeli pas berdi. Onuň häzirki şertnamasy 2023-nji ýylyň iýunynyň ahyryna çenli baglaşylan.
Gawi Ispaniýanyň ulular ýygyndysy üçin ilkinji gezek 2021-nji ýylyň oktýabrynda çykyş etdi. Milli toparyň haýryna ol 10 oýna gatnaşdy we bir gezek netijeli pas berdi.
13-nji oktýabrda, sişenbe güni «Barselona» Çempionlar ligasynda Mýunheniň «Bawariýasy» bilen oýnar. Oýun aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanýar.


düýn 15:47
4.3k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

düýn 15:39
3.3k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....

düýn 10:31
4.9k+

Arbeloa «Reala» kubok getirip bilmedi we wezipesinden gidýär

Ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloa geçirilen metbugat maslahatynda möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi....

23.05.2026 21:06
2.9k+

La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026......