Türkmenistanda geçen 8 aýyň makroykdysady görkezijileri nähili?

  • 10.09.2022 08:58
  • 5.7k+

Şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri Türkmenistanyň depginli ösmegini dowam etdirýändigini görkezýär. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejede saklanýar. Bu barada 9-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.

Hususan-da, mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynyň jemleri boýunça milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn netijeler gazanyldy.
Ýanwar — awgust aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygy, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim artdy. Ýurdumyzda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan daşary ykdysady syýasatyň netijesinde daşary söwda dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 38,6 göterim ýokarlandy. Sekiz aýyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 106,3 göterim, çykdajy bölegi 97,5 göterim ýerine ýetirildi. Býujetiň serişdeleriniň 80,9 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 7,5 göterim artdy.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak üçin zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.


düýn 14:43
7.1k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

13.05.2026 22:54
2.2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......