Türkmenistan 2022-nji ýylda 9 milliard kilowat-sagat elektrik energiýasyny eksporta iberer

  • 05.09.2022 23:58
  • 8.2k+

Häzirki wagtda elektrik energiýasy Owganystana, Eýrana, Özbegistana we Gyrgyzystana hem eksport edilip, şu ýylda onuň möçberini  9 milliard kilowat-sagada ýetirmek meýilleşdirilýär. Bu görkeziji, 2013-nji ýyldaka garanyňda, 3,3 esse ýokarydyr. Bu barada 3-nji sentýabrda Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplarynyň öňünde eden çykyşynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow habar berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy öz çykyşynda Owganystan bilen döwletara gatnaşyklarda  elektroenergetika pudagyndaky hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidigini belläp, geçen döwürde goňşy ýurduň çäginde amala aşyrylan iri energetika taslamalary barada aýratyn durup geçdi.
Nygtalyşy ýaly, Ymamnazar — Andhoý we Serhetabat — Hyrat ugurlary boýunça goňşy ýurda türkmen  elektrik energiýasynyň millionlarça kilowat-sagady iberildi. Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgam bu ugurda Türkmenistan tarapyndan uzak ýyllaryň dowamynda durmuşa geçirilip gelinýän işleriň üstüni ýetirdi. 2018-nji ýylyň 26-njy iýulynda türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň demirgazyk etraplaryna ibermegiň ýene-de bir ugry açyldy.

“Şol gün geçirijilik kuwwatlylygy   sagatda 100 megawata barabar bolan Rabatkaşan — Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamy işe girizildi. Bu taslamany amala aşyrmagyň çäginde türkmen hünärmenleri  tarapyndan elektrik üpjünçilik  desgalarynyň birnäçesi, şol sanda elektrik bekedi, umumy uzynlygy 112 kilometr bolan elektrik geçiriji ulgam guruldy. Bu döwletli iş iki ýurduň arasynda ozal hereket edýän Ymamnazar — Andhoý we Serhetabat — Hyrat ugurlaryndan başga-da, energiýanyň goşmaça iberilmegi meýilleşdirilýän Kerki — Hamýap — Garkyn, Marçak (Türkmenistan) — Marçak (Owganystan) we Rabatkaşan — Kalaýnau ugurlarynyň başyny başlady” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Häzirki wagtda Serhetabat — Hyrat — Turgundy hem-de Rabatkaşan — Kalaýnau ugurlary boýunça elektrik energiýasynyň iberilýän möçberini artdyrmak boýunça işler amala  aşyrylýar. Hereket edýän eksport ugurlary bilen bir hatarda, elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermegiň täze  ugurlary hem işlenilýär.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......