Türkmenistanda döwlet emlägine degişli ýene-de birnäçe desga hususylaşdyrylar

  • 03.09.2022 23:45
  • 14k+

Bäsleşikli söwda arkaly Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna, Aşgabat şäheriniň, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine degişli desgalaryň birnäçesini hususylaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu ugurda geçirilen işler barada 2-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow habar berdi.

Nygtalyşy ýaly, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler bilen bilelikde döwletiň garamagyndan aýyrmak we hususylaşdyrmak üçin kärhanalardyr edaralar boýunça seljermeler geçirildi. Onuň netijeleri boýunça degişli teklipler taýýarlanyldy.
Döwlet Baştutany bu ugurda görülýän çäreleriň milli ykdysadyýetde döwlete dahylsyz ulgamyň paýynyň artdyrylmagyna ýardam etmelidigini belledi we öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçiligi üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......