«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» rejelenen görnüşli Kanun kabul edildi

  • 02.09.2022 07:39
  • 11k+

1-nji sentýabrda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow rejelenen görnüşli «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Munuň özi nobatdaky ýaşlar forumynyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 14-nji iýunynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň gatnaşmagynda döwlet ýaşlar syýasatyny, bu ugurda milli kanunçylygy kämilleşdirmäge bagyşlanan maslahat geçirdi. Şonda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmek bilen bagly teklipleriň ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri, halypa professorlardyr alymlar tarapyndan öwrenilip we seljerilip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň garamagyna hödürlenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy barada aýdyldy. Şunlukda, agzalan Kanunyň rejelenen görnüşini, şeýle-de onuň bilen baglanyşykly «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp baryldy.
Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow täze döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan kanunlaryň yzygiderli kämilleşdirilýändigine ünsi çekip, rejelenen görnüşli «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň maksadynyň Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagyny üpjün etmekden, ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmekden ybaratdygyny nygtady.


02.05.2026 08:13
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.7k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 16:01
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......