Rikkardo “Formula-1” möwsüminiň ahyrynda “Maklaren” toparyny terk eder

  • 28.08.2022 08:44
  • 3k+

Awstraliýaly ýaryşa gatnaşyjy Daniel Rikkardo “Formula-1” çempionatynyň ahyrynda “Maklaren” topary bilen hyzmatdaşlygyny möhletinden ir bes edýändigini habar berdi. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Rikkardo “Maklarende” 2021-nji ýylda çykyş edip başlady we şu wagta çenli diňe bir gezek, Italiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazanyp, baýrakçylaryň hataryna girmegi başardy.

“Daniele gaýduwsyzlygy we soňky iki möwsümiň dowamynda toparyň işine goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildiresim gelýär. Ol hemişe söweşiji ruhuny görkezip, “Maklarene” öňe gitmäge kömek etdi.
Biz toparymyzyň mundan beýläk-de ösmegine itergi beren Monsadaky ýaryşy hiç haçan ýatdan çykarmarys” – diýip, “Maklareniň” resmi saýty toparyň ýolbaşçysy Andreas Zaýdlyň sözlerini getirýär.

Rikkardo heniz özüniň geljekdäki meýilnamalary barada aýtmady, ýöne “wagty gelende” habar berjekdigine wada berdi.

“Men toparda geçiren wagtyma ökünmeýärin we eden tagallalaryma, öz işime we esasanam, geçen ýyl Monsada gazanan ýeňşime buýsanýaryn. Men “Maklarende” işlemekden uly lezzet aldym we möwsümiň galan möwsüminde-de elimden gelenini ederin” – diýip, Rikkardo aýtdy.


23.05.2026 16:21
10k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.5k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......