Eýranda zenanlary 43 ýylda ilkinji gezek futbol oýnuna tomaşa etmäge goýberdiler

  • 27.08.2022 16:32
  • 18k+

Eýranly zenanlar 43 ýylyň içinde ilkinji gezek ýurduň futbol boýunça çempionatynyň oýnuna baryp gördüler. Bu barada 26-njy awgustda ISNA agentligi habar berdi.

500 töweregi zenan Tähranyň «Esteglala» bilen Kermanyň «Mesasynyň» oýnuny görmek üçin "Azadi Stedium" arenasyna geldiler. Olar meýletinçi-aýallar bilen gurşalan aýratyn sektorda ýerleşdirildi. Ellerine "Esteglalanyň" nyşanlaryny alan zenanlar ahyrda ýeňiji bolup çykan bu topary işjeňlik bilen goldadylar.


12.03.2026 12:10
12k+

Eýranyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Eýranyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmaz. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň sport ministri Ahmad Donýamali TV2 teleýaýlymyna beren interwýusynda mälim etdi. Bu karar syýasy ýagdaýlar bilen baglanyşyklydyr...

05.11.2025 06:49
7.8k+

"Ahal" AFK-2 Çempionlar Ligasynda soňky sekuntlarda "Sepahandan" ýeňşi elden gidirdi

4-nji noýabrda AFK-2 Çempionlar Ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň dördünji tapgyrynyň çäklerinde Türkmenistandan  "Ahal" futbol topary Eýranyň "Sepahan" toparyna garşy myhmançylykda duşuşyk geçirdi. Oýun Yspyhan şäheriniň "Nagyş-e-Jahan" stadionynda geçirilip, deňme-deňlikde — 2:2 hasabynda tamamlandy...

22.10.2025 12:56
5k+

«Ahal» AFK-2 Çempionlar ligasyndaky oýunda «Sepahan» bilen duşuşykda ýeňildi

21-nji oktýabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherindäki «Nakş-e-Jahan» stadionynda Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Çempionlar ligasy–2-niň toparlaýyn tapgyrynyň oýny geçirildi. Türkmenistanyň milli çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi «Ahal» kluby eýranly «Sepahan» bilen duşuşykda 0:1 hasabynda ýeňildi...

09.09.2025 23:42
14k+

Özbegistan CAFA Milletler Kubogynyň finalynda Eýrandan üstün çykdy

Özbegistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň Milletler Kubogynda (CAFA Nations Cup 2025) final oýunda Eýrany ýeňdi. Duşuşyk 8-nji sentýabrda Daşkentdäki täze «Olimpik» stadionynda geçirildi we ýer eýeleriniň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy...